Çagalar Hazar deňzinde gämili gezelenç etdiler

11 Awgust 2024
129

Şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan russiýaly mekdep okuwçylary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda adaty bolmadyk sowgada eýe boldular. Olar üçin deňizde ýahtaly ýörite gezelenç guraldy. Bu barada «MIR 24» teleýaýlymynda ýörite gepleşik görkezildi. Dynç alşyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgadydygyny bellemelidiris.

Gezelenç türkmen sungat ussatlarynyň çagalar bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary bilen utgaşdy. Russiýaly çagalar bilen bilelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bejergi alýan beýleki çagalar hem ýahtaly syýahata çagyryldy.

Beýleki habarlar