Türkmenistanyň wekiliýeti «Food AG 2024» halkara sergisine gatnaşdy

11 Awgust 2024
107

9 — 11-nji awgust aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde azyk we oba hojalygy boýunça «Food AG 2024» atly ikinji halkara sergi geçirildi. Söwdanyň ösüşi guramasy (TDAP) tarapyndan guralan bu çäre Karaçi sergi merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň telekiçilerini öz içine alýan wekiliýet ady agzalan halkara foruma tejribe toplamak, azyk hem oba hojalygyndaky häzirki zaman tendensiýalary bilen tanyşmak üçin gatnaşdy. «Food AG 2024» sergi «Durnukly geljegi döretmek» mowzugynda geçirilip, onuň maksady geljege umumy garaýyş döretmek üçin halkara hem ýerli jemgyýetleri birleşdirmäge gönükdirilendir.

Dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemlän «Food AG 2024» halkara sergi döwletara gatnaşyklary berkitmäge kömek edip, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygyň aýdyň geljegini açýar. Bu halkara çärä türkmen wekiliýetiniň synçy hökmünde gatnaşýandygy ýurduň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda öňdebaryjy tejribäni hem-de tehnologiýalary öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Bu Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmegine we bu ugurda innowasiýa çemeleşmeleriniň girizilmegine goşant bolup biler.

Beýleki habarlar