«Dolýar meniň torlaryma...»

11 Awgust 2024
146

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekde, halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekde obasenagat toplumynyň balykçylyk pudagyna-da uly orun degişlidir. Ähli ugurlarda uly ösüşleri nazarlaýan hususy telekeçiler bu pudagyň ösüşine-de mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze balyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler hem bu hakykatyň aýdyň subutnamasydyr.

Birnäçe ýyl mundan ozal, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak arkaly, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň çäklerinde ýurdumyzyň balykçylyk hojalyklary hususy telekeçileriň garamagyna berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze balyk» hojalyk jemgyýeti hem birnäçe ýyl bäri, döwrebap işleri ýola goýup, oňyn netijeleri gazanyp gelýär. Mary welaýatynyň telekeçileri Hanhowuz, Saryýazy suw howdanlarynda çapak, kepir, kiçi we uly taran, tüňňümaňlaý, kiçi we uly daban, gyzylteňňe ýaly balyklary tutup, ilata ýokumly azyk önümini ýetirmekde uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Bu howdanlardaky we köllerdäki balyklaryň tebigy şertlerde köpelip ýetişýändigini bellemek gerek.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar