Tebigy şypa

9 Awgust 2024
175

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy adamlaryň döwrebap dynç almagy üçin barha kämilleşýär. Bu ýerde tomusda Hazar deňziniň güni uly dabara beslenip bellenilýär. Şu mynasybetli maslahatlardyr medeni çäreler geçirilýär. Şu günler Hazar deňziniň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirýän ildeşlerimiziň sany has-da köp.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alýan çagalar hem ildeşlerimiz bilen bir hatarda dynç alýarlar. Olar TKA-nyň Milli merkeziniň Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş-sagaldyş merkezinde öz ene-atalary bilen saglyklaryny dikeldýärler. Deňiz kenarynyň tebigy bejeriji serişdeleri bolan ýoda baý howasy-aromoterapiýa, ýyly çägäniň-psamoterapiýa, kenar läbiginiň-pelloidoterapiýa, deňiz suwunyň-talassoterapiýa, Gün şöhlesiniň-gelioterapiýa, dürli daşlar bilen owkalama-stounoterapiýa we merkeziň düzüminde hereket edýän bölümlerinde balneoterapiýa suw bilen bejeriş, şeýle-de fizioterapiýa usullary arkaly bejergiler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna esaslanyp ulanylýan melhem çaýlary hem örän netijeli täsirini ýetirýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar