Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas we döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy

8 Awgust 2024
280

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusy bilen adybir atlandyrylan şu ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýär. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy. Geçen ýarym ýylda ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifingler, metbugat maslahatlary, sergiler, okuw, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günortasynda Magtymgulynyň ýadygärliginiň we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

(TDH)
Beýleki habarlar