Ilkinji çempionlyklary

9 Awgust 2024
133

Be­ýik­li­gi­ne bök­mek­de, go­laý­da 37 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­län uk­rai­na­ly Ýa­ros­la­wa Ma­gu­çih il­kin­ji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ol To­kio­da bü­rünç me­dal ga­zanyp­dy. Pa­riž­dä­ki ýa­ryş­da awst­ra­li­ýa­ly Ni­ko­la Olis­la­gers kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Awst­ra­li­ýa­ly Elea­nor Pat­ter­son bi­len uk­rai­na­ly Iri­na Ge­raş­en­ko bü­rünç me­da­ly paý­laş­dy­lar. Sy­ryk­ly bök­mek­de awst­ra­li­ýa­ly Ni­na Ken­ne­di al­tyn, To­kio 2020-niň çem­pio­ny ame­ri­ka­ly Keý­ti Mun kü­müş, ka­na­da­ly Ali­şa Nýu­man bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Üçür­dik­läp bök­mek­de Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň tür­ge­ni Tea La­Fond al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu Do­mi­ni­ka döw­le­ti­niň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji me­da­ly­dyr. Ýa­maý­ka­ly Şa­nie­ka Rik­ketts kü­müş, ame­ri­ka­ly Jas­min Mur bü­rünç me­da­lyň eýe­si bol­dy. Disk zyň­mak­da ame­ri­ka­ly Wa­la­rie Oll­man bas­syr 2-nji Olim­pi­ýa çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Hy­taý­ly Fen Bin kü­müş, Lon­don 2012-niň hem-de Rio 2016-nyň çem­pio­ny hor­wa­ti­ýa­ly Sand­ra El­ka­se­wiç bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Ýe­ke­da­ban zyň­mak­da ka­na­da­ly Kam­ryn Ro­jers mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp, Ani­ta Wlo­dar­çi­giň çem­pi­on­lyk­la­ry­na soň­ky no­ka­dy goý­dy. Ame­ri­ka­ly Anet Eçi­kun­wo­ke kü­müş, hy­taý­ly Çžao Szie bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Mun­dan öň­ki 3 Olim­pia­da­nyň çem­pio­ny pol­şa­ly Ani­ta Wlo­dar­çik bu ge­zek 4-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy.

To­par­la­ýyn ýa­ryş­lar­da 4x400 metr ga­ry­şyk es­ta­fe­ta yl­ga­wyn­da Fem­ke Bo­luň soň­ky 100-150 metr­de gör­ke­zen ta­ry­hy er­jel­li­gi­niň sa­ýa­syn­da Ni­der­land­lar al­tyn, ABŞ kü­müş, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da il­kin­ji gezek ha­sa­ba alyn­ýan ma­ra­fon es­ta­fe­ta ýö­ri­şinde is­pa­ni­ýa­ly­lar – Al­wa­ro Mar­tin bi­len Ma­ria Pe­res al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da Ek­wa­dor 2-nji, Awst­ra­li­ýa 3-nji or­ny eýe­le­di.

Beýleki habarlar