Medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş

9 Awgust 2024
102

Ta­mam­la­nyp bar­ýan Pa­riž 2024 XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da me­dal sa­na­wyn­da 12 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça ABŞ öň­de bar­ýar. Bu ugur­da hy­taý­ly­lar bi­len ýi­ti gör­eş alyp bar­ýan ABŞ-nyň tür­gen­le­ri 27 al­tyn, 35 kü­müş, 32 bü­rünç, je­mi 94 me­dal ga­zan­dy­lar. Olaryň sö­bü­gi­ni ba­syp bar­ýan hy­taý­ly­la­ryň 25 al­tyn, 23 kü­müş, 17 bü­rünç, je­mi 65 me­da­ly bar. 3-nji ýer ug­run­da il­kin­ji 10 gün­de Awst­ra­li­ýa bi­len ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş bo­lup­dy. Ýö­ne soň­ky 2-3 gün­de awst­ra­li­ýa­ly­lar ar­tyk­maç­lyk gör­ke­zip, ara­ny 5 al­tyn me­da­la çen­li aç­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Il­kin­ji 12 gün­de Pa­riž 2024-de Ka­rib deň­zin­de ýer­leş­ýän Sent-Lýu­si­ýa, Do­mi­ni­ka (iki­si-de al­tyn) hem-de Af­ri­ka yk­ly­my­na de­giş­li, At­lan­tik um­ma­nyn­da­ky ada döw­let Ka­bo Wer­de (bü­rünç) il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly ga­za­nyp, me­dal ga­za­nyp bil­me­dik ýurt­la­ryň umu­my sa­na­wyn­dan çyk­ma­gy ba­şar­dy. 3 ýurt hem 1996-njy ýyl­da ikin­ji ge­zek Olimpiýa oýunlaryna gat­na­şyp, 8-nji sy­na­ny­şyk­la­ryn­da me­dal ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di.

Beýleki habarlar