Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

9 Awgust 2024
132

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň käbir kadalary berjaý etmegini talap edýär. Howanyň aşa gyzan wagtynda gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmeli. Gezelençde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgaply bolmaly hem-de ýanyň bilen arassa agyz suwuny götermeli. Şahsy we jemgyýetçilik tertip-düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen, daşardan derläp geleniňde, hökmany ýagdaýda eşigiňi çalyşmaly, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi, beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, sowuk suw içmekden, sowuk suwa düşmekden gaça durmaly.

Çalt taýýarlanýan, guraksy önümleri az iýmek maslahat berilýär. Ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli we günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwuny içmeli. Irdenki maşklary ýerine ýetirmek, nahardan soň ýarym sagat töweregi arassa howada gezelenç etmek arkaly kadaly iýmitlenmegi fiziki işjeňlik bilen utgaşdyrmaly. Şahsy arassaçylygy berk berjaý etmeli, penjiräni açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Öýde we iş ýerlerinde mebelleri çygly desmal bilen yzygiderli süpürmeli. Gezelenje çykylanda, iýmit galyndylaryny, plastik gaplary ýörite niýetlenen gaplara taşlap, daş-töweregiň arassaçylygyny üpjün etmeli. Bu düzgünleri ýaş çagalara hem öwretmeli. Deňizde suwa düşülenden soň, 15 — 20 minut töweregi kölegede ýa-da saýawanyň aşagynda dynç almaly we soňra üstüňden arassa suw akdyryp ýuwunmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar