Ajaýyp tebigatyň goragy

8 Awgust 2024
155

Deňziň kenarynda, tokaýda, dagda, çeşme-çaýly ýerlerde gezelenç edilende ýa-da dynç alnanda rugsat edilmedik ýerlerde ot ýakmak, galyndylary zyňmak tebigata uly zeper ýetirýär. Ýurdumyzda adamyň arassa, sagdyn tebigy gurşawa bolan hukuklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlaryň, kanunçylyk namalarynyň birnäçesi hereket edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Tokaý, Suw we Howa kodekslerini, şeýle hem «Ekologiýa auditi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bellemek bolar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýup, onuň baýlyklaryny aýawly saklamaga, paýhasly ulanmaga çalşypdyr. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini dowam edip, tebigaty aýawly saklamak, onuň baýlyklaryny goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Aşyrgeldi BEKDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň uly döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar