Yssy howada

8 Awgust 2024
190

Howanyň çendenaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Elbetde, Gün şöhlesi ynsan saglygy üçin juda derwaýys bolan D witamine baýdyr. Gün şöhlesi çagalar üçin hem, uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň döremegine, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Bedene gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin ýaş çaga her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir.

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde suwuň bedendäki deňagramlylygy bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar adama günüň dowamynda 2-3 litr suw içmegi maslahat berýärler. Yssy howada suwy köpräk içmek peýdalydyr.

Begençmyrat JEPBAROW,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň ylmy-tejribe boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar