Hazynaly Hazar

7 Awgust 2024
145

Hazar. Gojaman Hazar. Ençeme müňýyllyklar bäri türkmen topragynyň günbatarynda ýaýylyp gidýän, aňrysyna göz ýetmeýän uç-gyraksyz bu deňzi taryhda dürli-dürli atlandyrypdyrlar. Deňziň atlary, köplenç, kenarlarynda ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň atlary ýa-da olaryň eýelän ýerleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Häzirki wagtda onuň has giň ýaýran iki adynyň biri «Kaspiý» bolup, ol 1000 ýyl ozal deňziň günortasynda ýaşan kaspi taýpalaryndan gelip çykýar. «Hazar» ady bolsa, VII asyrda Hazar deňzi we Kawkaz degrelerinde, häzirki wagtda günorta Russiýanyň we Krymyň çäklerinde mesgen tutan türki halk bolan hazarlardan gelip çykýar.

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem deňziň Hazar ady tutulýar:

Azat ŞANAZAROW,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň deňizçilik orta hünär mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar