«Akylly» şäheriň saglyk öýi

7 Awgust 2024
144

Arkadag şäheriniň üç gatly binalar toplumyndan ybarat bolan Saglyk öýi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenendir. Ol gaýragoýulmasyz ilkinji lukmançylyk kömegi, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, gündizki ýatymlaýyn bejergi, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlary, dolandyryş fizio-bejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa ýaly bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümleriň her birinde ilaty saglyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir.

Saglyk öýi täze «Mercedes-Benz» kysymly «Tiz kömek» awtoulagy, elektro-kardiogramma defibilýator «ambu» haltajygy, otoskop, oftalmoskop, glýukometr, trawmatalogiýa ugurly enjamlary, şeýle-de gaýragoýulmasyz tiz kömek lukmançylyk kömegini bermek üçin derman serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen üpjün edilendir. Has dogrusy, bu ýerde ornaşdyrylan Germaniýanyň we beýleki ösen döwletleriň iň täze lukmançylyk enjamlary näsaglara saglygyny tiz wagtda dikeltmäge uly ýardam berýär.

Gülbahar DURDYÝEWA,
Arkadag şäheriniň Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar