Gözellige baý deňiz

7 Awgust 2024
190

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni

Gojaman Hazar deňzi diňe bir gözýetime uzalyp ýatan mawy giňişlik däl. Ol ummasyz baýlyklary özünde jemleýär. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik häsiýete eýe bolup, olar sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarydyr. Deňizde ýaşyl suwotularynyň 29, goňur suwotularynyň 22 görnüşi bar. Olar deňizde ýaşaýan jandarlara, balyklara, guşlara iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýärler.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar