Ählumumy abadançylygyň bähbidine

7 Awgust 2024
213

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan milli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigy gurşawy goramaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, sebitleýin we halkara derejesinde ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Çünki jemgyýetiň ösüşi bilen daşky gurşawy goramagy utgaşykly alyp barmak häzirkizaman siwilizasiýasynyň geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biri hökmünde örboýuna galýar. Hut şonuň üçin-de ýurdumyz milli hem-de halkara derejesinde tebigaty we daşky gurşawy goramak, suw we beýleki tebigy serişdeleri, baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan ählumumy tagallalara işjeň gatnaşyp, olaryň rowaçlanmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde daşky gurşawyň goraglylygyna aýawly çemeleşmeklige, ýerleriň şorlaşmagyna, zaýalanmagyna we çölleşmegine garşy göreşmeklige, ýurduň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmeklige gönükdirilen giň gerimli we köpugurly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça hem-de Biodürlülik hakyndaky Halkara Konwensiýalaryna goşulyşmak bilen bu ugurdaky maksatnamalary berjaý etmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle hem halkara ülňülerine laýyk gelýän möhüm Kanunlar kabul edilýär.

Amangeldi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar