Ene topraga baglanan ykballar

7 Awgust 2024
141

Biz Dostluk galla önümleri kärhanasynyň baş buhgalteri Abdymyrat Atamuradow bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durýarys. Şonda ol her gezek bizi kärhananyň önümçilik görkezijileri, sebitiň gallaçylarynyň gazanýan netijeleri, unuň we çörek hem-de çörek önümleriniň öndürilişi hakyndaky maglumatlar bilen höwesli tanyşdyrýar. Bu sapar bolsa ondan geçen orakda iň ýokary netije gazanan ýer eýeleri hakynda maglumat bermegi haýyş etdik. Şonda ol Köýtendag etrabynyň Ýalkym geňeşliginden Mekan Bazarowyň adyny ilkinji bolup agzady. Munuň özi ýöne ýerden däl ekeni. Ol geçen güýzde 150 gektar meýdana ekilen ak ekinden şu ýylyň oragynda jemi 504,7 tonna galla alyp, her gektaryň hasyllylygyny 33,6 sentnere ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Bu bolsa meýilnamanyň iki esseden hem gowrak berjaý edilendiginden habar berýär.

Şu ýerde ýene bir zady bellemek ýerlikli bolar. Gazetimiziň okyjylary her gektardan has ýokary hasyl alýan gallaçylaryň bardygyndan hem habarlydyrlar. Bu ýerde gürrüň ozaldan ekin ekilip gelinýän däl-de, täze özleşdirilen ýerden şonça hasylyň alnandygy hakynda barýar. Diýmek, janypkeş daýhan ene topraga yhlas bilen ideg etmegiň, ekerançylygyň medeniýetini düýpli ýokarlandyrmagyň hasabyna abadan we bolelin ýaşaýşyň berk binýadyny emele getirýän guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny almagy başarypdyr. Geliň, nygmat bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşant goşup, ene ýeriň görki bolan gallany bol öndürýän bu ussat ýer eýesi bilen ýakyndan tanşalyň!

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar