Ajaýyp döwrüň waspçysy

7 Awgust 2024
157

Şahyr Bazar Şalyýewiň edebiýat meýdanynda özboluşly ýoly bar. Şahyryň geçen zähmet we döredijilik ýoly hem muny tassyklaýar. Ol Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dünýä inýär. Obasyndaky 5-nji orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlap, 1974-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Bazar Şalyýew okuwyny tamamlap, «Ahal durmuşy» gazetinde zähmet ýoluna başlaýar. Soňra «Türkmen gündogary» gazetinde habarçy, etrap «Watançy» gazetinde jogapkär kätip wezipelerinde işleýär. 2014-nji ýylda pensiýa çykýança, Hojambaz etrabyndaky 5-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymy, şol mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipelerinde zähmet çekýär.

Şahyr Bazar Şalyýewiň zähmet çeken ýerleri çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin has-da oňaýly boldy. Türkmen diliniň jadylaýjy täsirlerini şygra siňdirip, okyjylaryň göwnünden orun almak abyrsyz zähmeti, yhlasdyr gaýraty talap edýär. Onuň durmuş wakalaryny çeper beýan edýän goşgularyny, rubagylaryny höwes bilen okaýarsyň.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.
Beýleki habarlar