Endamdaky gögermeler

7 Awgust 2024
117

Kähalatda endamymyzda gögermeler ýüze çykýar. Dogry, ýykylanymyzda ýa-da atanlykda haýsydyr bir gaty zada degenimizde, endamymyz gögerýär. Ýöne welin, gök tegmilleriň öz-özünden peýda bolmagy bolsa haýsydyr bir keseliň alamatydyr.

Munuň iki sebäbi bolup, birinjisi, ganyň lagtalanmagynyň bozulmagydyr, beýlekisi bolsa, gan damarlarynyň port, döwlegen bolmagydyr. Lagtalanmagyň bozulmagynda ganyň lagtalanmagy üçin gerek bolan faktorlaryň ýetmezçiligi sebäpli gan akmalar bolýar. Bu ýagdaýa lukmançylykda «gemofiliýa» diýilýär. Aslynda, kadaly ganyň düzüminde lagtalandyryjy faktorlaryň 30-sy saklanýar. Gemofiliýa keselinden ejir çekýän näsaglarda bolsa bu görkeziji pes bolýar we olarda gan akma öz-özünden togtamaýar.

Çary HUDAÝKULYÝEW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar