Gara garagyt

7 Awgust 2024
106

Gara garagyt (smorodina) ir-iýmişleriň içinde saglyk üçin iň peýdalylarynyň biri hasaplanylýar. Munuň şeýledigine onuň A,C,K, P, B ýokumlaryna, organiki turşulara, kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, demir, marganes, sink elementlerine baýdygy doly şaýatlyk edýär.

Bu iýmişde aşgazanyň we içegäniň işini kadalaşdyrýan pektinleriň köp mukdary saklanýar. Ol ganazlykda, ýokumlaryň ýetmezçilik etmeginde ajaýyp ýokum serişdesi bolup hyzmat edýär. Onuň düzümindäki B ýokumy bolsa ýadawlygy aýyrmaga, ukyny kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Güljemal ÖWLÝAKULYÝEWA,
Saýat etrabynyň Garabekewül şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany.
Beýleki habarlar