Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

7 Awgust 2024
119

Eşretli durmuşyň hözirini görýän bagtyýar halkymyz sagdyn durmuş kadalaryna eýermekligi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy durmuş ýörelgesine öwürdi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ösüşli ýoly dowamat-dowam bolýan eziz Diýarymyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary özünde jemleýän saglygy goraýyş we sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem raýatlaryň saglygyny goramaklygyň we berkitmekligiň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimizde giň gerimde ýaýbaňlanmagyny gazanmaklygyň döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan şeýle beýik işleriň netijesinde hem bu günki gün ýurdumyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edildi.

Sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimizde barha rowaçlanmagynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri hem ähmiýetlidir. Şeýle çäreler işgärlerimiziň gatnaşmaklarynda-da yzygiderli guralyp, olarda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu işleriň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza hem-de olary üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çärelerde çykyş edýänleriň dilleriniň senasyna öwrülýär.

Meretgeldi ETREKOW,
welaýat saglygy goraýşyň awtoulaglary kärhanasynyň sürüjisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar