Önümleriň bolçulygy döredilýär

6 Awgust 2024
149

Balkan welaýatynyň zähmetkeş daýhanlary ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Welaýatyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň daýhan birleşikleriniň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümleri diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar