Hem şypaly, hem sapaly

6 Awgust 2024
99

Ýurdumyzyň gözel ýerlerinde ýerleşýän şypahanalaryň mähellesi ýylyň ähli paslynda-da ýetik bolýar. Ýöne hut tomus paslynda ol ýerlerde dynç almak, saglygyny dikeltmek isleýän adamlaryň sany has artýar. Munuň şeýledigine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Farap» şypahanasynda bolanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu şypahana melhemler mekany hökmünde indi köp ýyllardan bäri ilatyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanyp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary arkaly şypahananyň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen bolsa raýatlara edilýän hyzmatyň hili düýpli ýokarlandy.

— Bizde köp dertlere derman mineral suwuň we kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleri üstünlikli bejermek üçin amatly şertler we giň mümkinçilikler bar. Tejribeli lukmanlarymyz we beýleki hünärmenlerimiz raýatlarymyza ýokary hilli hyzmat etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler — diýip, şypahananyň baş lukmany Şageldi Boranow gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar