«Berzeňňi» şypa paýlaýar

6 Awgust 2024
256

Türkmen topragy Hakyň nazary düşen toprak. Şu keremli topragyň suwam, palçygam jana şypa. Bejeriş häsiýetli çeşmeleridir kölleri bolan täsin hem şypaly ýerler aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, şypahana görnüşinde raýatlara hyzmat edýär. Şeýle şypahanalaryň biri-de «Berzeňňi» şypahanasy. Geologlaryň gözleg-barlag işleri netijesinde bu ýerdäki şypaly çeşmäniň üstüniň açylanyna şu ýyl 57 ýyl, Gahryman Arkadagymyzyň «Berzeňňi» şypahanasynyň häzirki kaşaň binasyny gurduryp berenine bolsa 12 ýyl bolupdyr.

Biz golaýda bu ýerde myhmançylykda bolanymyzda, şypahananyň işgärleri mylaýym ýylgyryş bilen garşy aldylar. Ýürek ýylysy şypaly howa bilen garyşyp, kalbyňa rahatlyk berýär. Ilki bilen, mineral suw içilýän ýerden «teşneligi gandyrmagy» maslahat berdiler. «Şu suwuň düzüminde 24 sany mikroelement bolup, ol «ýörite goşundysyz we häsiýetsiz» suwlar toparyna degişli. Ýylylygy, ortaça, 36-37 gradusa deň. Özi-de ýody, bromy, sinki, marganesi, organiki maddalary, kremniý turşusyny we beýlekileri öz içine alýar» diýip, birnäçe ýyl bäri bu ýere dynç almaga gelýän ýaşulularyň biri dillendi. Şypahananyň lukmanlarynyň biri bolsa mineral suwy yzygiderli içmegiň, madda alyş-çalşygyny kadalaşdyrmak bilen, böwrekde daşlaryň döremeginiň öňüni alýandygyny, aşgazan-içege ýollarynyň nemli gatlagyna ýylylyk derejesi, mineral we gaz düzümi bilen oňyn täsir edýändigini aýdyp, ýaşulynyň sözüniň üstüni ýetirdi.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar