Ýokary hil we göwnejaý hyzmat

4 Awgust 2024
175

Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Hususyýetçileriň döwrebap kärhanalarynda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýan düzümleriň biri-de «Kendir» hususy kärhanasydyr.

Kendir» hususy kärhanasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik toplumy 2013-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kärhanada Türkiýede we Hytaý Halk Respublikasynda taýýarlanylan döwrebap enjamlaryň kömegi bilen, jaýyň üstki örtükleriniň, demirbeton gurluşlary üçin kebşirlenen gözenekleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Dürli ölçegdäki we reňkdäki üçek örtükleri bilen bir hatarda, ternaw suw akarlary, alýumin profilinden penjireler we gapylar hem taýýarlanylýar. Önümçilik üçin esasy çig mal hökmünde demir listler peýdalanylyp, ýörite enjamlaryň kömegi arkaly olara gerekli şekil berilýär. Kärhanada öz işine ökde işçi-hünärmenleriň 70-den gowragy zähmet çekýär.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar