Islendik tagamyň islendik wagtda

2 Awgust 2024
417

Täze tehnologiýalaryň, «akylly» enjamlaryň eçilýän nygmatlary ynsana lezzet berýär, şol bir wagtda hem gymmatly wagtymyzy tygşytlaýar. Edil innowasion dünýäniň özi ýaly olar hakdaky gürrüňler hem giň, şonuň ýaly-da, gyzykly. Bilşimiz ýaly, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen, aşhana enjamlary hem has döwrebaplaşýar. Munuň özi öý bikeleriniň zähmetiniň azalmagyna, esasan hem, wagtynyň tygşytlanmagyna getirýär. Sözbaşymyzda agzan mümkinçiligimizi biz «Xiaomi» meşhur hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen «AirFryer» atly aşhana enjamynyň kömegi arkaly gazanyp bileris. Ol türkmen dilinde «gowrujy enjam» diýmegi aňladýar. Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, özboluşly we amatly dizaýny, mümkinçiliklere baýlygy, täsin görnüşi bilen tapawutlanýan bu enjam eýýäm uly meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda oňa milli aşhanalarymyzda hem gabat gelmek mümkin.

Bu innowasion enjam köp ýag sarp etmezden ýa-da düýbünden ýagsyz dürli tagamlary bişirmek üçin amatlydyr. Şonuň bilen birlikde, ol islendik nahary çalt bişirmäge mümkinçilik berýär. Diýmek, az ýagly iýmitleri tiz taýýarlamak isleýänlere indi hiç hili bökdençlik ýok.

Suraý NAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar