Awazanyň ajaýyplyklary

1 Awgust 2024
264

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasy we binagärlik tejribesi bilen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň gazanan ykdysady ösüşlerini, halkara derejedäki barha artýan abraýyny dünýä ýaýýar. Alym Arkadagymyzyň beýik tagallalary bilen 2007-nji ýylyň dekabrynda durmuşa geçirilmegine badalga berlen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylan ägirt taslamalar ata Watanymyzyň dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne gönükdirmegi başarýan ýurtdugyny dünýä ykrar etdi. Sebäbi, Hazaryň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz tolkunlarynyň akwatoriýasy, altynsow we gyzgyn çägeli deňiz kenary, jana ýakymly howa bilen sazlaşykly utgaşýan kenarynda bina edilen ajaýyp şypahanalar, dynç alyş merkezleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny iri halkara çäreleri geçirilýän we oňa gatnaşyjylaryň sapaly dynç alşyny, netijeli döredijiligini üpjün edýän ajaýyp mekana öwürdi. Ajaýyp Awazada Arkadagly eýýamymyzda uly üstünliklere beslenip geçirilýän sebit we dünýä derejeli iri halkara çärelerine gatnaşýan döwlet ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylary, işewürleri öz çykyşlarynda bu barada  öwran-öwran nygtaýarlar.

Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan bina edilen, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylan binalaryň   keşbinde milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de binagärlik, bezeg babatda häzirki zaman meýilleriniň dünýä nusgalyk tejribesini görmek bolýar.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar