Aral deňzi: gaýtadan döreýiş

30 Iýul 2024
333

«Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar » diýleni. Munuň şeýledigini birwagtlar gurap çöllüge öwrülen Aral deňziniň mysalynda aýtsa bolar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň Aral deňzini gaýtadan dikeltmek baradaky bilelikdäki tagallalary netijesinde deňziň suwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,5 esse artdy.

Gazagystan hem-de Özbegistan döwletleriniň araçäginde ýerleşýän Aral deňziniň dolanyp gelmeginde Gazagystanyň Gyzylorda welaýatynda gurlan Kokoral bendiniň hem oňyn täsiriniň bardygyny bellemek zerur. Bu bendiň gurulmagy bilen günbatar Aralda suwuň möçberi artdy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar