Sanly tehnologiýalar, täze mümkinçilikler

29 Iýul 2024
260

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.

Häzirki wagtda gullugyň merkezi edarasy welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gümrükhanalary bilen birikdirilen sanly ulgam arkaly maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrýar. Gullugyň düzüminde hereket edýän «ASYCUDA World» utgaşdyrylan maglumatlar ulgamy, elektron we maglumat ekranlary, barlag rentgen enjamlary hem-de «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle-de daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplara amatly ýeňillikleri döretmäge ýardam berýär. Bu ugurdaky tagallalaryň netijesinde, häzirki döwürde getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi. Ýurdumyzyň gümrük çägine getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada berilýän elektron görnüşdäki deslapky maglumatlar gümrük taýdan resmileşdirmegi çaltlandyryp, daşary söwda dolanyşygynyň işjeňligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Indi bu ulgam arkaly gümrük edarasy deslapky maglumaty beren şahsa onuň ulag serişdeleriniň we harytlarynyň ýurdumyzyň çägindäki hereketi barada elektron habar iberip bilýär. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň serhetýaka gümrük nokatlarynda deslapky maglumaty berlen harytlar we ulag serişdeleri üçin ýaşyl geçelgeler hem-de harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin daşaýjylara amatly bolan ýörite belgilenen ýerler döredildi. Munuň sebäbi-de deslapky maglumatyň berilmegi esasynda, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmeginiň we gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň ileri tutma tertibinde amala aşyrylýandygydyr.

Mežnun ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy.
Beýleki habarlar