Pyragynyň taglymy we berkararlyk bagty

29 Iýul 2024
229

Şygyr bilen sözlän, ady kalplarda ebedi ýaşaýan, geçmişiň, şu günüň, geljegiň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ýürekden-ýürege barýan paýhasy her bir ynsana her ädimde ýolgörkezijidir. Watançy şahyryň ylmy-pelsepewi, dünýewi garaýyşlary halky jebisleşdirmekden, adalatly jemgyýetçilik gurluşyny hem-de milli döwleti döredip, binýadyny berk tutmakdan ybaratdyr.

Dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hataryna giren Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleri, jemgyýetçilik-ahlak, ruhy-edebi, ylym-bilim taglymatlary, durmuş wakalaryna ýüzlenmeleri onuň bütin çeper-filosofik, syýasy-şahsy pikirlenmesiniň kämil derejesiniň önümidir. Nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň agramly böleginde, pelsepewi temalarynyň many gatlaklarynda berkarar döwleti gurmak üçin binýat bolan ideýalar, öwüt-nesihatlar bar. Öňdengörüji şahyryň edebi mirasynda erkin jemgyýetiň hem-de özbaşdak döwletiň bar ýerinde, il-ulus bolup, bir agza bakylanda, abadançylygyň hem rowaçlygyň mümkin boljakdygy ündelýär. Beýik dananyň şol niýet-arzuwlary, ýörelgelerdir maksatlary, döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen durmuşa geçip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düýp mazmunynda öz şöhlelenmesini tapdy.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar