Türkmen önümleri Italiýada

29 Iýul 2024
195

Şu ýyl önümçiliginiň 10-njy ýylyny dowam etdirýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilen akkumulýatorlar ýakynda Italiýa Respublikasyna eksport edildi. Hojalygyň hünärmenleriniň gürrüň berşi ýaly, Türkmenistanda öndürilen bu önümlere alys Ýewropa ýurdunda ýokary baha berilýär.

Geçen 10 ýylyň dowamynda «Kökçi» müşderileriniň ynamyny gazanmagy başardy. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda öndürilen dürli göwrümli akkumulýatorlaryň ýokary hiline köpler şaýat bolan bolsa gerek. Ýokary hil hem amatly baha — alyjynyň isleýän zady. Önümçilik işlerini Türkmenabat şäheriniň eteginde alyp barýan «Kökçi» hojalyk jemgyýetine meşhurlyk getirenem hut şu aýratynlykdyr.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.
Beýleki habarlar