Gyzykly küşt bäsleşigi

24 Iýul 2024
158

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly, şowhunly günler bilen dowam edýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin täsirli çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen sportuň küşt görnüşi boýunça geçiren bäsleşigimizem gyzykly boldy. Çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklarynda geçen ýaryşda tapawutlananlara  ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Akmuhammet Nazarow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar