22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlara eminlik etjek Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedow hem-de ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Serdar Rahymow öz çykyşlarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleriň türkmen sportunyň abraýyny goramak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.