«Google» bulut howpsuzlygyny üpjün edijini rekord baha satyn alyp biler

21 Iýul 2024
331

«Google» kompaniýasy bulut howpsuzlygyny üpjün ediji bolan «Wiz» startapyny 23 milliard amerikan dollara satyn almagy meýilleşdirýär. Bu rekord görkezijidir. Ýeri gelende bellesek, «Wiziň» hyrydarlarynyň arasynda «Google» kompaniýasyndan başga-da, «Amazon» we «Oracle» ýaly kompaniýalar hem bardyr. Maglumat üçin, «Google Cloud» 2023-nji ýylda hem bulut howpsuzlygyny kämilleşdirmek üçin umumy bahasy 6 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany startapy satyn alypdy.

Nazar MÄMMETGELDIÝEW,
TDMG-niň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar