Inklýuziw bilim: tejribeler we mümkinçilikler

22 Iýul 2024
197

Durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrýan döwletimiz saglyk ýagdaýy boýunça mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan çagalaryň hem umumy kysymdaky bilim edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almagy üçin zerur şertleri döredýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän raýatlaryň ýörite pedagogik çemeleşmeleriň esasynda bilim almagy, olaryň ösüşindäki bozulmalaryň düzedilmegi we durmuş taýdan uýgunlaşmagy üçin ýörite bilim edaralarynyň döredilýändigi bellenilýär.

Ýurdumyzda inklýuziw bilim babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin biz Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory Ogulbahar OMAROWA ýüz tutduk. Tejribeli mugallym toplumda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan çagalara umumy kysymdaky bilim edaralarynda inklýuziw bilim almak üçin döredilen şertler barada şeýle gürrüň berdi:

Ýazga geçiren Resul NURGELDIÝEW,
«Watan».