Dynç alyş we bedenterbiýe

19 Iýul 2024
176

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Tawus MEREDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar