Ajaýyp sowgat

17 Iýul 2024
240

Golaýda edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller uly üns-alada bilen gurşalýar. Orta mekdeplerde döwrebap bilim alýan çagalary tomusky dynç alyş möwsüminde gözel Gökderäniň goýny mähirli garşylaýar. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry dowam edýär. Gökderäniň köpsanly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde paýtagtymyzyň dürli künjeginden gelen körpeler bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem wagtlaryny şadyýan we netijeli geçirýärler. Ine, şeýle arzyly tomus günlerinde hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan bagtyýar çagalara gowşurylan toý sowgady hem ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýürek buýsançlaryny goşalandyrdy. Munuň özi ýaş nesil hakyndaky aladanyň hemişe ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli iberilen toý sowgatlary üçin özleriniň we ýurdumyzyň ähli ýaş nesilleriniň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

Ýörite habarçymyz.