«Aşgabat» — arzyly mekan

17 Iýul 2024
171

Tomus paslynda paýtagtymyzyň çägindäki gür bagly seýilgähleriň arzysy birbaşga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen Aşgabadyň ak mermerli belent binalarynyň sapaly seýilgähler, tebigy zolaklar bilen sazlaşykly keşbi bu gün göreniň göwnüni galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň çäginde Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň rahat dynç almagy üçin döredilen seýilgäh zolaklarynyň ençemesi bar. Şäher ýaşaýşynyň şertlerinde ynsany tebigatyň ajaýyp dünýäsi bilen ýakynlaşdyrýan seýilgähler ýylyň ähli paslynda hem adamlara ruhy lezzet paýlaýar. Şolaryň iň meşhurlarynyň biri «Aşgabat» seýilgähi hem köpleriň, aýratyn hem, tomusky dynç alşyny şadyýan geçirýän çagalaryň arzyly mekany.

1887-nji ýylda düýbi tutulan seýilgäh diňe bir paýtagtymyz bilen adybir bolman, eýsem, ýaşy boýunça hem deňeçerdir. 2014-nji ýylda durky düýpli täzelenip, gaýtadan halk köpçüligi üçin açylan «Aşgabat» islendik ýaşdaky raýatlaryň uly höwes bilen dynç alýan ýeri. Paýtagtymyzyň merkezi köçeleri bolan Türkmenbaşy we Magtymguly şaýollarynyň ugrunda ýerleşýän seýilgähe şäheriçi awtobuslaryň köpsanlysynyň üznüksiz gatnawy ýola goýlan. Ýylyň islendik paslynda bolşy ýaly, köp adamly seýilgähde tomus paslynyň joşgunly günlerinde, asuda agşamlarynda hakyky dynç alyş şatlygy emele gelýär.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».