Üstünliklere beslenýän döwür

17 Iýul 2024
207

Berkarar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli ykdysadyýetimizde uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bu üstünlikler bagtyýar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatlaryndan ugur alýar.

Bilşimiz ýaly, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakdan, önümçilik, senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny depginli ösdürmekden, durnukly ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys».

Magtymguly MAGTYMGULYÝEW,
Magtymguly etrap salgyt bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar