«Ýüpek ýoly — 2024»: iki toparymyz hormat münberinde

17 Iýul 2024
173

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp dowam eden ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometrlik menzili külterlediler. Onuň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çarkandakly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk netijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýeňil awtoulaglaryň ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi baýrakly orunlara mynasyp boldular. Doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige girendigini aýtmak gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar