Mümkinçilikler döredijilikli peýdalanylýar

15 Iýul 2024
308

Dünýä jemgyýetçiligi bu gün şeýle bir hakykaty ykrar edýär: medeniýet we sungat, edebiýat össe, halkyň aňy-da, ýaşaýşy-da öser. Bu gün halkymyz maddy we ruhy mirasymyzy äleme ýaýmakda sanly ulgamyň şert-mümkinçiliklerini döredijilikli peýdalanýar. Aşakda getiren mysallarymyz biziň aýdýanlarymyzy tassyk etse gerek.

turkmenmetbugat.gov.tm — Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýty. Bu ýerde ýurdumyzda neşir edilýän gazetlerdir žurnallaryň elektron görnüşi goýulýar. Saýtda makalalardyr habarlar «Garaşsyzlyk», «Bitaraplyk», «Resmi habar», «Syýasat», «Hyzmatdaşlyk», «Ykdysadyýet», «Jemgyýet», «Medeniýet», «Miras», «Edebiýat», «Ylym», «Bilim», «Syýahatçylyk», «Taryh», «Sport», «Saglyk», «Maşgala», «Tehnologiýa», «Oba hojalyk», «Tebigat», «Ekologiýa», «Haýwanat dünýäsi», «Telekeçilik», «Bildirişler, bäsleşikler» atly bölümler boýunça ýerleşdirilýär. Bu saýtyň esasy artykmaçlygy okyjylar eýýäm gije sagat 00:00-da ertirki neşiriň PDF görnüşini öz şahsy el telefonyna ýa-da kompýuterine ýükläp bilýändiginden ybarat. Saýt öz işini «türkmenmetbugat» mobil goşundysy arkaly ýerine ýetirýär. Bu platformada ildeşlerimiz her günki täzeligi gyzgyny bilen okap, tanşyp bilýärler. Okyjylar bu goşundy arkaly «Merkezi gazet-žurnallara we welaýat gazetlerine», «Pudaklaýyn dolandyryş we beýleki edaralaryň garamagyndaky gazet-žurnallara» abuna ýazylyp bilýärler. «Türkmenmetbugat» işe başlan gününden bäri ýurdumyzda neşir edilen gazet-žurnallary PDF nusgasynda öz «ýadynda» saklaýar.

Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.
Beýleki habarlar