Daýhan mert — ýer jomart

13 Iýul 2024
265

Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak babatda öňde goýlan maksatlara ýetmegi gaýragoýulmasyz wezipe hasaplaýan Mary welaýatynyň gallaçylary hem arzyly pellehana ýetdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin döredip berýän iş we durmuş şertlerinden ruhlanyp, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler.

Welaýatyň edermen gallaçylary bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirmek üçin ýylyň bütin dowamynda ýadawsyz zähmet çekdiler. Daýhançylykda toplanan baý iş tejribeleriniň ylymda gazanylan üstünlikler bilen utgaşdyrylyp alnyp barylmagy, howa, toprak şertlerimize uýgunlaşan, bol hasyl berýän bugdaý sortlarynyň ekilmegi, dökün, suw bilen bolelin üpjün edilmegi, dürli kesellere we haşal otlara garşy çäreleriň aýny wagtynda geçirilmegi welaýatyň daýhanlaryna arzyly pellehana ýetmäge hem-de döwlet tabşyrygyny doly berjaý etmäge mümkinçilik berdi. Taýýarlanan iş meýilnamasyna laýyklykda, welaýat häkimligi we «Marygallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan işler sazlaşykly guraldy. Galla oragynda iş öndürijiligi ýokary bolan kuwwatly däne orýan kombaýnlaryň 370-den gowragynyň iki iş çalşygynda öndürijilikli işledilmegi, ýygnalyp alnan hasyly kabul ediş nokatlaryna we ammarlara bökdençsiz daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň ýeterlik mukdarda jemlenmegi hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam etdi. Gallaçylar bilen hasaplaşyk işleriniň bada-bat geçirilmegi olaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrdy. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi tarapyndan meýdanlarda günorta arakesmesinde aýdym-sazly çykyşlaryň, göçme kitap sergileriniň guralmagy, wagyz-nesihat işleri daýhanlaryň ruhuny belende göterdi.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar