Daýhan baýasa, ýurt galkynýar

12 Iýul 2024
279

«Ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür», «Ir eken utar» ýaly pähimlerden ugur alýan halkymyzyň edermen gallaçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla möwsümini üstünlikli jemlemek bilen, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkemegine mynasyp goşant goşdular. Daýhanlara döredilip berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanyp, hasylyň satyn alynýan bahasynyň ýokarlandyrylmagyndan ruhlanan hasyl ussatlarymyz pellehana abraý bilen ýetdiler. Tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlardyr himiki serişdeler bilen üpjün edilip, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilip, daýhanyň halal zähmeti bilen baýamagyna ähli şertler döredilýär. Berilýän ýeňillikli karzlar daýhanlarymyzyň halal zähmet çekmäge höwesini artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň kömekdir goldawlary, döredýän şert-mümkinçilikleri esasynda Balkan, Daşoguz, Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri zähmet ýeňşiniň eýesi boldular. Olaryň gazanan üstünligine halkymyz guwanýar.

Galla oragynda kerweniň başyny Balkan welaýatynyň edermen oba hojalykçylary tutup, ýurdumyzda ilkinji bolup,Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrdylar. Şonda geçen güýzüň amatly howa şertlerinden peýdalanyp, 50 müň gektar ekin dolanyşygyna girizilen meýdanda «Bezostaýa — 100» we «Alekseiç» ýaly azyklyk bugdaýyň tohumyny ekip, ondan şu orak möwsüminde 80 müň tonna guşgursak däne hasyly alyndy. Bu işde kuwwatly traktorlara bil baglanylyp, olaryň ekiş möwsüminde 125-siniň iki çalşykda işledilmegi, möwsümiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň gazanmagy, ekijileriň 117-sinden netijeli peýdalanylyp, ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň 26-synyň bökdençsiz işledilmegi işiň ilerlemegine getirdi. Olaryň üç ýyl bäri welaýatlaryň arasynda bugdaý ýygnamagyň meýilnamasyny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegine itergi berdi.

Rejep HOMMATLYÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar