Plastik we polimer önümlerini ulanmagyň düzgünleri

12 Iýul 2024
272

Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, azyk önümleriniň iýmitlik gymmatyny we olary terligine, howpsuz saklamak üçin saklanyş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi zerurdyr. Şunda azyk önümleri bilen galtaşýan önümleriň biri hem polimer materiallardan ýasalan gaplardyr. Gap-çanak plastikasy 40 ýyla golaý mundan öň peýda boldy. Ylmyň häzirki ýeten derejesi azyklyk harydyň görnüşine, daşamak, saklamak şertlerine, ulanyş aýratynlyklaryna, maksadyna baglylykda, islendik görnüşdäki gaplama materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda azyk önümlerini gaplamakda polietilen, polipropilen, polistirol, poliamidler, poliwinilhlorid, polimetilmetakrilat, aminoplastlar, penoplastlar, fenoplastlar, ftoroplastlar, rezinler ýaly polimer materiallar ulanylýar. Esasy polimerden başga polimerli materiallaryň aglabasynyň düzüminde plastifikatorlar, dolduryjylar, gatadyjylar, reňkleýjiler, eredijiler, bug döredijiler, çalgy maddalary we polimerleriň ulanyş häsiýetlerini gowulaşdyrýan, berkligini güýçlendirýän, deformasiýasyny peseldýän, ýygrylmagyna päsgel berýän, çeýeligini, himiki durnuklylygyny, ýanmazlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Bu goşundylar we pes molekulýar garyndylar polimer bilen himiki bagly däl. Bu bolsa olaryň aýratyn şertlerde galtaşýan gurşawyna — howa, suwa, azyk önümine geçmegine getirip biler. Munuň özi adam üçin howply bolup biler. Ondan başga-da, polimer materiallar ulanylýan wagtynda himiki reagentleriň ýa-da fiziki täsir astynda polimerleriň garramasy, ýagny molekulýar zynjyryň üzülmegi netijesinde fiziki-himiki we fiziki-mehaniki häsiýetleri üýtgäp biler. Sanitariýa we tehnologik talaplaryň berjaý edilmezliginiň netijesinde, plastmassadan destruksiýa önümleri bolan formaldegid, fenol, asetaldegid, turşular, predel däl uglewodorodlar, pes molekulýar oligomerler, aseton, metil we beýleki spirtler, stirol, metilstirol, etilbenzol, ys beriji uglewodorodlar, aldegidler hem-de ketonlar bölünip çykýar.

Begençmyrat JEPBAROW,
Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar