Gözellik gorly «Gaplaňgyr»

11 Iýul 2024
322

«Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasy sebitde täsin, gyzykly, özüne çekiji ekologik ulgam hasaplanýar. Goraghana 1979-njy ýylyň 19-njy awgustynda ýurdumyzyň demirgazygynda ösümlik hem haýwanat dünýäsiniň ýitip barýan, görnüşleri az bolan tebigy nusgalaryny goramak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak maksady bilen döredilýär. Goraghana atmosfera ygallarynyň häsiýeti boýunça ýurdumyzyň gurak, ygalyň mukdary 100 millimetrden az bolýan meýdanlarynda ýerleşýär. Bu sebitiň käbir künjeklerinde toprakda bar bolan yzgarlaryň saklanyş derejesi aprel aýynda tamamlanmak tapgyryna gadam basýar. Bu goraghanada ösümlikleriň 900-e golaý görnüşi (olar 178 topary, 46 maşgalany öz içine alýar) duş gelip, olaryň 65 göterimden gowragyny selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişli bolan kelte boýly ösümlikler hem-de çöl ekinleri eýeleýär. Goraghana degişli çäklerde ösümlikler dünýäsiniň seýrek we endemik görnüşleriniň 75-e golaý görnüşi duş gelýär. Umumy meýdany 282800 gektardan gowrak bolan goraghanada ýylyň dowamynda maýyl howa 195 — 220 güne çenli dowam edýär. Bu ýerde «Sarygamyş» (1980-nji ýylda döredildi) we «Şasenem» çäkli goraghanalary (1984-nji ýylda döredildi) bar. «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ähli gymmatlygynyň 50 göterimini uzynlygy 125 kilometre, ini 90 kilometre, çuňlugy 35 metre deň bolan Sarygamyş köli we çöketligi emele getirýär. Goraghananyň adynyň geçmesi kyn bolan gür ojarly, toraňňy tokaýlyklarynda, ösgün, guran gamyşly jeňňelliklerde irki orta asyrlarda erkana ýaşan, agramy 90 — 310 kilograma ýeten, ala reňkli «gum gaplaňlarynyň» mesgeni diýen gadymy toponimik adalgadan gelip çykandygy ylmy edebiýatlarda, halk ynançlarynda, rowaýatlarynda beýan edilýär.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar