Tomus aýlarynda käbir adamlar Günüň şöhlesine gyzyp ýatmagy halaýar. Ultrafiolet şöhlesi adamda begenç gormonynyň (serotoniniň) bölünip çykmagyna kömek edýär. Şonuň üçin ýyly, aýdyň howada adamyň keýpi göterilýär. Mundan başga-da, Günüň şöhlesiniň täsiri astynda adamda «D» witamin sintezirlenýär, bu bolsa adamyň kesele garşy immun ulgamynyň birsydyrgyn işlemegine ýardam berýär.
Gynansak-da, Günüň aşagynda köp gezilmeginiň Gün urma bilen gutarmagy mümkindir. Bu ýagdaý — Gün şöhlesiniň kelläniň üstüne uzak wagtlaýyn täsir etmegi merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirip bilýär. Gün urmada esasy urgyny kellebeýni çekýär: