Kärhananyň batly gadamlary

9 Iýul 2024
234

Ahal welaýatynyň «Bäherden» tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň geçen alty aýyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu baýry, öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň birinji ýarymynda 7 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, meýilnama 127 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 110,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri kärhanada tikin önümleriniň 385 müňden gowragy taýýarlanyp, şonuň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr. Degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda ekologiýa taýdan arassa nah matalardan tikilen şeýle önümler hiliniň ýokarydygy bilen hem tapawutlanýar. Ildeşlerimiziň 100-den gowragynyň zähmet çekýän bu önümçilik düzüminiň iş gadamlarynyň barha batlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Beýleki habarlar