«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024
1-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.