Adam hakda alada üns merkezinde

7 Iýul 2024
214

Ýurdumyz adam hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly halkara resminamalaryna işjeň goşulyşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny subut edýär. Munuň şeýledigine golaýda çap edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2023-nji ýylyň jemi boýunça maglumatynda beýan edilen görkezijiler hem doly şaýatlyk edýär.

Maglumatyň girişinde bellenilip geçilişi ýaly, geçen 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» hem ýurdumyzyň iň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna möhüm wakalara baý, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek babatda anyk netijeleriň gazanylan ýyllarynyň biri boldy. Şonuň bilen baglylykda, maglumatda ýurdumyzda adamyň we raýatyň ýaşaýyş, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, adam hukuklarynyň berjaý edilişinde 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleriň netijesine syn berilýär we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran işleri giňişleýin beýan edilýär. Hususan-da, bu resminama Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy, Raýat we syýasy hukuklar, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar, Raýatlaryň ýüztutmalary boýunça seljerme, Adalatçynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmek işleri, Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy, adam hukuklary babatda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmegi, Halkara hyzmatdaşlygy, Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri ýaly bölümlerde berlen giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär.

Aýnur Geldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar