Sarpasy beýik söz ussady

3 Iýul 2024
247

Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny ýürekden arzuw edendigi bilen düşündirip bolar. Akyldar şahyryň eserlerini hemmeler gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki onuň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlaryň, halkyň bagty, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar.

Beýik şahyryň «çoh garaşan ajap eýýamynyň» eýesi bolan türkmen halky, türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz — asuda, ilimiz — bagtyýar. Bu gün Watanymyz parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi.

Wezirgeldi AŞYROW,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar