Ýaponiýada internetiň tizligi boýunça täze dünýä rekordy goýuldy

3 Iýul 2024
393

Ýaponiýanyň Milli habar beriş we aragatnaşyk tehnologiýalary institutynyň alymlary işewürlik taýdan elýeterli optiki süýümi ulanmak arkaly maglumatlary ibermek boýunça dünýä rekordyny goýdular. Ol sekuntda 402 terabaýt bolup, Beýik Britaniýada giň zolakly internetiň ortaça tizliginden 5 million esse ýokarydyr diýip, «MIR 24» habar berdi.

Şeýle tizlik bir sekuntda 12500 sany filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär. Alymlar munuň üçin tolkunlaryň uzynlygynyň öň ulanylmadyk aralygyndan peýdalanandyklaryny habar berdiler.

Beýleki habarlar