«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Merkezi Aziýa ýurtlary sport ulgamynda özboluşlylygy we öňdeligi bilen tapawutlanýar. Bu ýurtlarda sportuň dürli görnüşleri irki döwürlerden bäri halk arasynda milli oýunlar hökmünde meşhurdyr. Häzirki wagtda bu ýurtlarda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara bäsleşikleri geçirilip, olarda gowy netijeleri görkezýärler. Ine, şulary dünýä ýaýmakda bolsa ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir. Geliň, bu ýurtlaryň sport ulgamyna ýöriteleşen ýaýlymlary bilen tanyş bolalyň.